Audi täzelenen krossower Q8-iň suratyny paýlaşdy

  • 25.08.2023 14:32
  • 13k+

Germaniýanyň Audi kompaniýasy 5-nji sentýabrda täzelenen krossower Q8-i hödürlär. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi.

"Täzelenme Audi Q8-iň Q-leriň maşgalasyndaky öňdebaryjy ornuny hasam güýçlendirýär. Täze dizaýny we işleýşi bilen tapawutly görnüşi, faralar we çyralar, hatda has şahsylaşdyrma görnüşleri sport we owadan krossoweriň tanalmagyny üpjün edýär" – diýip habarda aýdylýar.

Giňden ýaýran tizerden çen tutsaň, awtoulagda täze LED yşyklar bolar. Täzelenen Audi Q8-iň elektrik stansiýalarynyň diapazony entek aýan edilmedi. Häzirki wagta çenli bu model benzin, dizel we gibrid elektrik stansiýalary bilen elýeterlidir. Iň güýçli wersiýasy 600 at güýjüni ösdürýär.


25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......