Ýaponiýa ilkinji Aý modulyny 27-nji awgustda uçurar

  • 25.08.2023 14:29
  • 5k+

Ýaponiýanyň SLIM atly ilkinji Aý gözleg modulyny ýokary çykarmaly H2A raketa göterijisiniň goýberiljek senesi 26-njy awgustdan 27-nji awgusta geçirildi. Bu barada Mitsubishi Heavy Industries kompaniýasy yglan etdi.

Meýilnamanyň üýtgemeginiň sebäbiniň günorta-günbatar Kagosima prefekturasyndaky Tanegasima kosmos merkeziniň golaýynda howa şertleriniň ýaramazlygy bilen baglydygy bellendi. Ikinji gezek yza süýşürilen halatynda uçuş 28-nji awgustdan 15-nji sentýabr aralygynda amala aşyp biler.
Beýikligi 2,4 m we agramy 200 kg bu enjam ýüz keşbi tanamak ulgamlarynda peýdalanylýan tehnologiýalary ulanyp, Aýyň kraterlerini we topografiýasyny öwrenmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem SLIM Aýyň üstündäki gaýalardan tapylan demriň we beýleki elementleriň mukdaryny ölçäp bilýän ýörite kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ilkibaşda moduly Aýa maýda ibermek meýilleşdirilipdi, ýöne möhlet H3 agyr kysymly ýapon raketa-göterijisiniň goýberilişiniň şowsuz tamamlanmagy sebäpli, yza süýşürilipdi. Bu tabşyryk üstünlikli bolan ýagdaýynda Ýaponiýa öz modulyny Ýeriň tebigy hemrasyna ýerleşdiren dünýäde bäşinji ýurt bolar. Ondan öň ABŞ, SSSR, Hytaý we Hindistan bu babatda üstünlik gazanypdy.


şu gün 11:18
455

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......