Hazarýaka döwletleri kompozitorlarynyň birleşigini döretmegi meýilleşdirýär

  • 25.08.2023 14:24
  • 3.6k+

2024-nji ýylda Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kompozitorlar jemgyýetleriniň özara gatnaşyklaryna mümkinçilik berýän Hazarýaka ýurtlarynyň kompozitorlar birleşigi dörediler. Bu barada TASS agentligine Hazarýaka ýurtlarynyň Simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Mihail Golikow Hazarýaka ýurtlarynyň kompozitorlarynyň Birinji halkara forumynyň çäginde habar berdi.

23-nji awgustda Astrahanda ilkinji gezek “Hazar möwsümleri” atly nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Hazarýaka ýurtlarynyň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumy geçirilýär. Oňa Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Türkmenistandan gelen medeni işgärler we kompozitorlar gatnaşýarlar.
Halkara “Hazar möwsümleri” atly nusgawy sungat festiwaly 22-nji awgustda Astrahanda açyldy. 25-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda Astrahan filarmoniýasynda geçirilýän festiwalyň çäginde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň günleri geçiriler.


26.04.2026 13:51
2.5k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:48
11k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

26.04.2026 13:44
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.2k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......