Apple iPhone eýelerini smartfonlary abatlamak üçin gurallar bilen üpjün eder

  • 25.08.2023 13:53
  • 11k+

MacRumors neşiriniň maglumatlaryna görä, Apple abatlaýyş hukugy barada SB 244 kanun taslamasyny goldady we Kaliforniýanyň senatory Sýuzan Talamantes Eggmana ony kabul etmek haýyşy bilen hat iberdi. Muny championat.com ýetirýär.

Kanun taslamasy kompaniýalardan müşderileri tehnikanyň diagnostikasy we abatlaýyş işleri üçin gurallar bilen üpjün etmegi talap edýär. Öň, Apple SB 244-i goldamaýardy, indi bolsa kompaniýanyň özi ilkinji ädimi ätdi. Şeýle-de, Apple-iň iPhone we Mac üçin öz-özüňe hyzmat etmek programmasyny eýýäm işe girizendigi habar berilýär, onuň çäklerinde müşderilere abatlaýyş toplumlary, abatlaýyş boýunça görkezmeler we abatlaýyş üçin dürli komponentler hödürlenýär.
Kompaniýa öz hatynda kanun taslamasyny “müşderileriň we nowatorlaryň goragyny” üpjün edýändigi üçin goldaýandygyny aýdýar.


düýn 19:31
999

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...