YouTube ulanyjylaryň hiňlenmegi esasynda aýdym-sazy tanamagy öwrener

  • 25.08.2023 13:48
  • 4.1k+

Awgust aýynyň ikinji ýarymynda YouTube-yň işläp düzüjileri täze funksiýany – aýdym-sazy ses buýruklarynyň kömegi bilen tanamak mümkinçiligini synap başladylar. Audio ýazgysyndan ýa-da ulanyjynyň saza hiňlenmesinden soň platforma sazy kesgitläp, gözlege has laýyk gelýän kompozisiýalary görkezer. Bu barada championat.com habar berýär.

Aýdym-sazy kompozisiýanyň özüni aýtdyrmak arkaly kesgitlemäge mümkinçilik berýän meşhur Shazam programmasyndan tapawutlylykda, YouTube-da ses gözlegi ulanyjynyň hiňlenmegi esasynda aýdymy anyklap biler. Häzirki wagtda bu funksiýa Android-de synagdan geçirilýär: ol Google-yň ykjam operasion sistemasyny ulanyjylaryň bir bölegine eýýäm elýeterlidir.
YouTube-da täze ses gözleginiň hemmelere haçan elýeterli boljakdygy belli däl. Google kompaniýasynda bellenilişi ýaly, programma göni üç sekunt hiňlenmäniň esasynda sazy kesgitläp biler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......