Mohamed Salah «Al-Ittihad» saud klubuna geçmäge razylyk berdi

  • 25.08.2023 12:26
  • 13k+

«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň klubuna geçip biler.

beIN Sports neşiriniň habar bermegine görä, müsürli futbolçy «Al-Ittihada» geçmäge razylyk berdi. Häzirki wagtda karar «Liwerpula» bagly bolup durýar.
Öň, saud klubunyň futbolçy üçin 90 million ýewrodan gowrak möçberde teklip taýýarlaýandygy bellenilipdi. Bu transfer Saud Arabystanynyň taryhynda iň gymmat geçiş bolup biler.
Salahyň «Liwerpul» bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Salah toparyň düzüminde 2017-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýär. Klub bilen ol 2018/2019 möwsümde Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.
«Al-Ittihadda» Madridiň «Realynyň» öňki oýunçysy Karim Benzema, «Çelsiden» N'Golo Kante, şeýle hem Salahyň klubdaşy Fabinýo çykyş edýär.


düýn 22:49
4.4k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......