2024-nji ýyldan BRIKS guramasyna alty sany täze ýurt goşular

  • 25.08.2023 10:58
  • 13614
2024-nji ýyldan BRIKS guramasyna alty sany täze ýurt goşular

Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BRIKS guramasyna goşulyp biler. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti Siril Ramaposa BRIKS-iň 15-nji sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Argentina Respublikasyny, Müsür Arap Respublikasyny, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyny, Eýran Yslam Respublikasyny, Saud Arabystany Patyşalygyny we Birleşen Arap Emirliklerini BRIKS-iň doly hukukly agzasy bolmaga çagyrmak kararyna geldik. Agzalyk 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer” diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň lideri aýtdy.

BRIK birleşigi Wladimir Putiniň başlangyjy bilen 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý tarapyndan Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde döredildi. Bileleşigiň ilkinji sammiti 2009-njy ýylda Ýekaterinburgda geçirildi. 2010-njy ýylda Günorta Afrika birleşige goşuldy, şondan soň birleşik  BRICS diýip atlandyrylyp başlandy.


20.07.2023 18:48
8425

El hereketi dili Günorta Afrikada resmi dil boldy

Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposa çarşenbe güni Günorta Afrikanyň el hereketi diline Günorta Afrikada resmi derejäni berýän kanuna gol çekdi. Dabara SABC ýerli media topary tarapyndan göni...

27.04.2023 11:31
9524

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosy gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň...

11.05.2022 09:21
8630

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine gutlag iberdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň...

27.04.2022 05:15
8210

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Azatlyk gününi gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň...