Realme kuwwatlylygyny üýtgedip bolýan smartfon çykarar

  • 24.08.2023 13:35
  • 9.5k+

Täze «Realme» smartfonynyň ulanyjylary enjamyň kuwwatyny sazlamak mümkinçiligine eýe bolarlar diýip, lenta.ru habar berýär.

«Realme GT5» smartfonyna prosessoryň sazlamalaryny üýtgetmäge mümkinçilik berjek funksiýa giriziler. Ulanyjylar çipiň ýygylygyny sazlap, enjamy iň ýokary öndürijilik ýa-da energiýa tygşytlamak tertibinde goýup bilerler.
«GT5-de» Snapdragon 8 Gen 2 prosessorynyň boljakdygy mälim edildi. Smartfonyň eýeleri ýagdaýa baglylykda, prosessoryň kuwwatyny üýtgedip bilerler  – mysal üçin, energiýa çeşmesini köp talap edýän oýunlar we beýleki programmalar işe girizilende, çipiň işleýiş ýygylygyny artdyryp bilerler.
Hünärmenler  «Realme GT5-iň» bazardaky şeýle häsiýetli ilkinji enjam bolup biljekdigini bellediler.
«Realme GT5» 24 gigabaýt operatiw ýat we 1 terabaýt goşmaça ýat bilen üpjün ediler, smartfonyň 28-nji awgustda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

25.06.2026 11:01
3.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......