Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili giriziler

  • 23.08.2023 23:57
  • 12k+

Saud Arabystanyň Bilim ministrligi patyşalykdaky ähli hususy we döwlet mekdeplerine hytaý diliniň maksatnamasyny girizmegi tabşyrdy. Bu barada Saudi Gazette habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, Saud Arabystanynyň mekdeplerine hytaý dili sapaklaryny girizmek baradaky karar mirasdüşer şazada we Patyşalygyň premýer-ministri Muhammed bin Salman Al Saudyň Hytaýa eden sapary wagtynda kabul edildi. Mirasdüşer şazadasynyň Er-Riýada we Pekine sapary wagtynda şalykdaky mekdepleriň we uniwersitetleriň ähli derejelerinde hytaý dilini okuw maksatnamalaryna goşmagyň meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdy diýip, gazet belleýär.
Saud Arabystanynyň Bilim ministrliginiň görkezmesine görä, her ýekşenbe we duşenbe günleriniň dördünji sapagy mekdeplerde hytaý dilini öwrenmäge bagyşlanmalydyr. Gazetiň berýän habaryna görä, tutuş patyşalykdaky bilim bölümleri ýöriteleşdirilen synplaryň çäginde ikinji synp okuwçylary üçin hytaý dilini öwrenmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. Her bilim bölüminde hytaý dilini öwredýän belli-belli mekdepler bolar.


01.06.2026 07:34
8.5k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....