Türkmen futbolçylary «Barselonanyň» öňki ýyldyzlary bilen futbol duşuşygyna gatnaşar

  • 23.08.2023 10:12
  • 41k+

30-njy awgustda Bişkekde (Gyrgyzystan) «Barselona» ispan klubunyň we Orta Aziýanyň futbolynyň ady rowaýata öwrülen oýunçylarynyň görkezme duşuşygy geçiriler. Futbol duşuşygyna Orta Aziýanyň futbolçylarynyň düzüminde öňki türkmen futbolçylary Amandurdy Annadurdyýew we Ýazguly Hojageldiýew gatnaşar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, bu duşuşyga «Barselonanyň» öňki ýyldyzlary Ronaldinýo, Riwaldo, Karles Puýol, Hawýer Sawiola, Ronald De Bur, Žuliano Beletti, Françesko Koku we beýlekiler gatnaşar.
Orta Aziýanyň öňki ýyldyz futbolçylarynyň ýygyndysynda türkmenistanly Amandurdy Annadurdyýew we Ýazguly Hojageldiýew, özbegistanly Mirjalol Kasymow, täjigistanly Muhsin Muhammadiýew, gazagystanly Samat Smakow, şeýle hem ýaponiýaly Hidetoşi Nakat, russiýaly Andreý Kançelskis we beýlekiler gatnaşar.
Futbol duşuşygy Gyrgyzystanda Jalal-Abad şäherinde Barselonanyň futbol akademiýasynyň açylyşy mynasybetli geçiriler.
Birnäçe ýyla niýetlenen taslama «Barselona» brendiniň birnäçe serişdeleriniň Gyrgyzystanda ulanylmagyny öz içine alýar.
Jalal-Abad şäherinde degişli akademiýanyň üsti bilen ýaşlaryň arasynda sport we ispan klubunyň stili wagyz ediler.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......