Pingwin Nils Ulaf III general-maýor harby adyny aldy

  • 22.08.2023 23:58
  • 22k+

Şotlandiýanyň Edinburg şäherindäki haýwanat bagynda ýaşaýan patyşalyk pingwini ser Nils Ulaf III Norwegiýanyň Korollyk gwardiýasynyň general-maýory harby adyny aldy. Bu barada Edinburgyň Patyşalyk harby orkestriniň web sahypasynda habar berilýär.

«Bütin dünýä belli patyşalyk pingwini indi general-maýor ser Nils Ulaf III, Buwe adalarynyň barony we Onuň Alyhezreti Norwegiýanyň Patyşalyk Gwardiýasynyň resmi nyşany diýen ýokary derejä eýe» diýlip, habarda bellenilýär.

Pingwin Norwegiýanyň gwardiýasynyň nyşany hasaplanýar. 110 ýyl ozal haýwanat bagyna norwegiýaly Edward Salwesen pingwin sowgat edipdir. Şondan soň gwardiýaçylaryň arasynda Edinburg harby ýörişine gatnaşmazdan ozal haýwanat bagyna baryp görmek däbe öwrülipdir.
1972-nji ýylda harby ýörişe gatnaşyjylar pingwini «ogullyk aldylar» we oňa Nils Egeleniň we Norwegiýanyň patyşasy Ulaf V-iň hormatyna Nils Ulaf diýip at berdiler. Guşuň nesilleri onuň derejesini miras alýarlar. Ilki bilen, patyşalyk gwardiýasy oňa rysarlyk derejesini berdi. 2005-nji ýylda bolsa Hormat garawulynyň polkownigi boldy. Üç ýyldan soň Nils Ulaf III rysarlyga göterildi. Bu wakanyň hormatyna haýwanat bagynda guşuň bürünç heýkeli oturdyldy. 2016-njy ýylda Nils Ulaf brigada generaly wezipesine bellenildi.

şu gün 12:00
734

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
411

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
556

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......