iPhone 15 Pro Max-a derek iPhone 15 Ultra çykyp biler

  • 22.08.2023 16:31
  • 20k+

Bilermenler 2022-nji ýylyň güýzünde Apple-iň Pro Max brendini öz smartfonlaryndan doly çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdiler. Muňa derek, kompaniýa iň gymmat modeli aýratyn at - Ultra bilen tapawutlandyrar.

Bir ýyldan soň myş-myşlary žurnalist Endrýu O'Hara hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, Apple özboluşly Ultra ünsi jemläp, Pro Max subtitrinden düýbünden ýüz öwürmek kararyna geldi. Bilermen kompaniýanyň model üçin, kämilleşdirilen kameradan, uly göwrümden we batareýanyň ulalmagyndan başga-da, has çynlakaý üýtgeşmeleri taýýarlaýandygyny çaklaýar.

Şeýlelikde, şu ýyl iPhone 15-iň dört sany modeli ulanyjylara garaşýar: 

  • iPhone 15;
  • iPhone 15 Plus;
  • iPhone 15 Pro;
  • iPhone 15 Pro Max (Ultra).

Apple sentýabryň ortalarynda iPhone 15-iň ähli jikme-jikliklerini paýlaşar. Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, smartfonlaryň täze hatarynyň tanyşdyrylyşy 13-nji sentýabrda geçiriler we aýyň ahyrynda satuwa çykar.


27.02.2026 19:22
1.1k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.6k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
344

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...