«Mercedes-Benz» kompaniýasy «AMG GT Coupe» sport awtoulagynyň täze neslini tanyşdyrdy

  • 21.08.2023 12:25
  • 13k+

«Mercedes-Benz» kompaniýasy «AMG GT Coupe» sport awtoulagynyň ikinji neslini tanyşdyrdy. Awtoulag «V8» hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

 

Täze ulag «SL» rodsteriniň platformasy, boýy 150 santimetre çenli ýolagçylar üçin iki orunlyk ikinji hatar oturgyçlar we 4,0 litrlik «V8» biturbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi.
Satuwlar başlananda ulag iki görnüşde – «GT 63» we «GT 55» kysymlarynda hödürlener. Birinjisiniň kuwwaty 585 at güýjüne (800 Nm) deň bolar we 100 km/sag tizlige 3,2 sekundda çykmaga mümkinçilik berer. Ikinjisiniň hereketlendirijisi 476 at güýjünde bolar (700 Nm), 100 km/sag-a çenli tizlenmek üçin awtoulaga 3,9 sekund gerek bolar. Iň güýçli nusgasy sagatda 315 km tizlige ýetmäge ukyply bolar.

Ulagyň hereketlendirijisi 9 basgançakly «awtomat» bilen işleýär, herekete getiriji ulgam düşýän agramy ähli oklaryň arasynda deň paýlamaga ýa-da ähli güýji diňe yzky tigirlere geçirmäge ukyplydyr. Awtoulag 12 dýuýmlyk multimediýa-ulgam ekrany, aýlawlarda dolandyrylýan yzky tekerler, kompozit tormozlar, işjeň aerodinamika ulgamy, şeýle hem 20 we 21 dýuýmlyk diskler bilen üpjün edilendir.


23.05.2026 15:59
4.7k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.1k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.7k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....