Windows 11-e täze mümkinçilik girizildi

  • 20.08.2023 23:30
  • 7k+

«Microsoft» korporasiýasynyň «Windows 11» ulgamyny ulanyjylara öňden gurnalan programmalary operasion ulgamyndan öçürmäge mümkinçilik döredildi.

Häzirlikçe bu mümkinçilik «Windows Insider» deslapky bahalandyrma programmasy boýunça «Windows 11-iň» synag nusgalarynyň biriniň ulanyjylary üçin elýeterlidir.
Indi ulanyjylar «Kamera», «Cortana», «Suratlar», «Adamlar» ýaly adaty programmalary, şeýle hem uzakdaky iş stollaryna (Remote Desktop) birikmek üçin müşderini öçürip bilerler.
Bu aýratynlygyň ýakyn hepdelerde «Windows 11» ulanyjylarynyň ählisine elýeterli bolmagyna garaşylýar. Bu programmalaryň köpüsiniň göwrümi kiçi, ýöne bu aýratynlyk programma sanawynda ýer tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Bellenilmegine görä, «Windows 11» üçin indiki iri täzelenme sentýabr aýynda çykar. Şol wagt hem adaty programmalary öçürmek mümkinçiligi «Microsoft-yň» ähli operasion ulgamlarynyň ulanyjylaryna elýeterli bolar. Şeýle hem sentýabr aýyndaky täzelenişde RAR we 7-Zip faýllary üçin goşmaça goldaw peýda bolar.


25.09.2025 13:55
2.9k+

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy...

03.07.2025 14:39
2k+

Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy

Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi...

30.06.2025 11:03
3.3k+

Indem Microsoft kazyýetde: kompaniýa emeli aňy türgenleşdirmek üçin bikanun göçürilen kitaplary ulanmakda aýyplanýar

Birnäçe amerikaly ýazyjylar Nýu-Ýorkuň Federal kazyýetine Microsoft kompaniýasyna garşy şikaýat bilen ýüz tutdy. Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýa «Megatron» atly dil modelini türgenleşdirmek üçin awtorlaryň rugsady bolmazdan, bikanun göçürilen sanly eserleriň nusgalaryny ulanýar...

05.05.2025 16:12
2.9k+

Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar

Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär...