Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy

  • 03.07.2025 14:39
  • 2k+

Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar.

Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi. Ýagny, operasion ulgam üç ýylyň dowamynda, takmynan, 400 million ulanyjyny ýitiripdir. Bu ýagdaý Microsoft-yň näme sebäpden Windows 10 ulgamynyň goldawyny ýapmazdan öň ulanyjylary Windows 11-e geçmäge yzygiderli çagyrýandygyny düşündirýär.
Emma giden ulanyjylaryň hemmesi macOS-y saýlamady: Mac kompýuterleriň satuwy hem pese gaçdy we 2023-nji ýylda Apple kompaniýasynyň girdejisiniň diňe 7,7%-ini düzdi. Muňa derek, ulanyjylar köpçülikleýin gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrýan smartfonlara we planşetlere geçýärler.
Windows ulgamy oýun we professional gurşawda häzirem ähmiýetli bolsa-da, köplük oňa bolan gyzyklanmasyny ýitirýär. Şol bir wagtyň özünde, Chromebook ýaly alternatiw çözgütler has amatly we elýeterli boldy. Şeýle-de Windows ulgamynyň giň maksatlar üçin ulanylýan platforma hökmünde özüne çekijiligi kem-kemden azalýar.


25.09.2025 13:55
2.9k+

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy...

30.06.2025 11:03
3.3k+

Indem Microsoft kazyýetde: kompaniýa emeli aňy türgenleşdirmek üçin bikanun göçürilen kitaplary ulanmakda aýyplanýar

Birnäçe amerikaly ýazyjylar Nýu-Ýorkuň Federal kazyýetine Microsoft kompaniýasyna garşy şikaýat bilen ýüz tutdy. Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýa «Megatron» atly dil modelini türgenleşdirmek üçin awtorlaryň rugsady bolmazdan, bikanun göçürilen sanly eserleriň nusgalaryny ulanýar...

05.05.2025 16:12
2.9k+

Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar

Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär...

20.08.2023 23:30
7k+

Windows 11-e täze mümkinçilik girizildi

«Microsoft» korporasiýasynyň «Windows 11» ulgamyny ulanyjylara öňden gurnalan programmalary operasion ulgamyndan öçürmäge mümkinçilik döredildi. Häzirlikçe bu mümkinçilik «Windows Insider» deslapky bahalandyrma...