UEFA ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

  • 19.08.2023 13:52
  • 17k+

Ýewropa futbol assosiasiýalary bileleşigi (UEFA) web sahypasynda ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgärleri yglan etdi.

Iň gowy üç dalaşgäriň biri iýul aýynda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen”-inden Amerikanyň “Inter Maýami”-sine geçen Lionel Messi boldy. Şeýle hem sanawda “Mançester Siti”-niň iki oýunçysy - Erling Holand bilen Kewin De Bruýne bar.
2022-nji ýylda 36 ýaşly Messi karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempiony boldy we Katarda ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. PSŽ bilen bilelikde çempionatda we Fransiýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy. 23 ýaşly Holand we 32 ýaşly De Bruýne “Mançester Siti”-niň düzüminde üç gezek ýeňiji boldular: Çempionlar ligasyny, çempionlygy we Angliýanyň kubogyny aldylar.
Ýeňiji 31-nji awgustda 2023/2024 möwsümiň Çempionlar ligasynyň toparçadaky tapgyrlaýyn bije atyşma dabarasynda yglan ediler. 2022-nji ýylda bu baýrak 2023-nji ýylyň tomsunda Madridiň “Real”-yndan Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad”-yna geçen fransuz hüjümçisi Karim Benzema berlipdi.


düýn 20:28
10k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.2k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....