Apple Hindistanda iPhone 15-iň önümçiligini ýola goýdy

  • 18.08.2023 17:11
  • 16k+

«Apple» «Foxconn» zawodynda Hindistanda «iPhone 15» öndürip başlady. Bu barada «Bloomberg» habar berýär we munuň işläp düzüjiniň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidigini belleýär. ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy kompaniýany şeýle hereket etmäge mejbur edýär.

Hindi «iPhone 15-leriniň» ilkinji tapgyry Hytaýdaky esasy önümçilik toplumyndaky tapgyr iberilenden birnäçe hepde soň satuwa çykarylar. Mundan başga-da, «Apple» hindi zawodynda täze «iPhone-laryň» öndürilýän möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär.
Hindistanda birnäçe wagt bäri kompaniýanyň ykjam telefonlarynyň ujypsyz bölegi ýygnalýar, häzirki wagta çenli ýerli önümçilik Hytaýdaky önümçilikden yza galýar. Önümçilikdäki aratapawut birnäçe aýa ýetýär. Aprel aýynda «Apple-iň» 2022-nji ýylda 7 milliard dollarlyk ähli smartfonlarynyň, takmynan, 7 göteriminiň Hindistanda ýygnalandygy mälim boldy, kompaniýanyň ýerli önümçilik kuwwatyny giňeltmek isleýändigi bellenilýär. «Bloombergiň» habar bermegine görä, Hindistanda «iPhone 15» önümçiliginiň mukdary içki gurluşlarynyň üpjünçiligine we «Foxconn» zawodynda önümçilik ugurlarynyň giňelmegine bagly bolar.
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda «iPhone 15» smartfonunyň, täze «Apple Watch Series 9» we ikinji nesil «Ultra» sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....