Nýu-Ýorkyň häkimiýetleri howpsuzlyk sebäpli döwlet edaralarynda TikTok-y gadagan etdiler

  • 18.08.2023 16:49
  • 17k+

Nýu-Ýork ABŞ-nyň beýleki birnäçe şäheriniň we ştatynyň hataryna goşulyp, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen döwlet edaralarynda TikTok-yň ulanylmagyny gadagan etdi. Bu barada Reuters habar berýär diýip, epravda.com.ua belleýär.

Bellenilişi ýaly, Nýu-Ýorkyň edaralary 30 günüň dowamynda bu goşundyny bozmaly, işgärler hem şähere degişli gurluşlarda we ulgamlarda goşunda hem-de onuň web-saýtyna girmek mümkinçiligini ýitirerler. Nýu-Ýork ştaty döwlet ykjam gurluşlarynda TikTok-y eýýäm gadagan etdi.
Nýu-Ýorkyň häkimi Erik Adamsyň beýanynda goşundynyň şäheriň tehniki ulgamlaryna howp salýandygy aýdylýar.
"TikTok amerikaly ulanyjylaryň maglumatlaryny Hytaýyň hökümetine bermedi we bermez, goşundy ulanyjylaryň gizlinligini we howpsuzlygyny goramak üçin köp tagallalary etdi" - diýip, gysga wideolar bilen paýlaşmak üçin niýetlenen goşundynyň wekilleri belleýärler.
ByteDance hytaý kompaniýasynyň goşundysyny 150 milliondan gowrak amerikaly ulanýar. ABŞ-nyň kanun çykaryjylary ony Hytaý hökümetiniň gatyşmagyndan howatyrlanyp, gadagan etmek isleýärler.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......