Gwardiola, Spalletti we Indzagi – UEFA-nyň ýylyň tälimçisi baýragyna dalaşgärler

  • 18.08.2023 16:25
  • 6.2k+

UEFA öz resmi saýtynda 2022/2023-möwsüminiň jemi boýunça gowşurylýan ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleriň üçlügini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.

Ses berişligiň netijesinde Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli”) has köp ses aldy.
Ilkibaşda ses berişlik üçin geçen möwsümiň iň gowy tälimçileriniň gysga sanawy düzüldi. Soňra geçen möwsüm haýsydyr bir ýewrokubokda çykyş eden klublaryň baş tälimçileriniň we UEFA agza ýurtlaryň milli ýygyndylarynyň halypalarynyň ses bermegi netijesinde iň gowy tälimçileriň üçlügi kesgitlendi. Şeýle-de, ses berenleriň arasynda ýörite saýlanan žurnalistler hem bardy.
Ýeňiji 31-nji awgustda 2023/2024-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişik dabarasynda yglan ediler.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....