«Barselona» futbol kluby Web3-i we blokçeýni ösdürer

  • 15.08.2023 23:23
  • 10k+

Sport guramasynyň metbugat beýanatynda Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby Liberto Football Finance AG-den we Nipa Captial BV-den 120 million ýewro (132 million dollar) toplady diýilýär.

Klubuň prezidenti Žoan Laporta: "Soňky birnäçe ýylyň dowamynda biz sanly ekoulgamda ep-esli ösüş gazandyk, baýlyklarymyzy “Barselona” futbol klubunyň brendini özboluşly dünýä derejesine çykarýan döredijilik merkezine öwürdik".

Maýa goýum, Bridgeport Invest holdingindäki paýynyň 29,5%-ini satan kepillendirilen girewiň garşysyna alyndy. Ýygnalan serişdeler, NFT-i we metaverse-i hem öz içine almak bilen, Web3 we blokçeýn esasly ähli sanly mazmuny birleşdirmek üçin “Barselona”-nyň taslamasy bolan Barca Vision bölümine geçirildi.
“Barselona” Ýewropanyň metbugatyny we tehnologiýalaryny ösdürýän Mountain & Co. I Acquisition kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Ylalaşygyň bir bölegi hökmünde futbol kluby "möhüm girdeji çeşmesine" öwrüljek Barca Media brendi astynda öz sosial bölünmelerini birleşdirer. 


20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

22.01.2026 23:25
4k+

«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän startap bilen şertnama baglaşdy

«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän Scircle startapynda paý satyn aldy. Şertnama klubuň janköýerler bilen gatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Klub atyra «emosional aragatnaşygyň goşmaça ýoly» hökmünde garaýandygyny belledi...

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.4k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......