«Luna-25-den» düşürilen ilkinji suratlary çap edildi

  • 15.08.2023 16:39
  • 20k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň hünärmenleri telemetriýany we «Luna-25» stansiýasynyň ylmy gurallaryndan alnan maglumatlary seljerdiler we STS-L bort telewideniýesiniň kameralaryndan ilkinji suratlary alyp bildiler.

Suratlarda Ýeriň we Aýyň fonunda enjamyň gurluş elementleri görünýär. Üçünji suratda missiýanyň nyşanyny we bortdaky manipulýator susagyny görmek bolýar.
Suratlar 13-nji awgustda - stansiýanyň gurallary birnäçe minutlyk işlände düşürildi. "Luna-25" şol wagt Ýerden 310 müň km uzaklykda ýerleşýärdi. Ähli gurallar doly işleýändigini we Aýdaky barlaglara taýýardygyny görkezdi. Olaryň analog we sanly merkezleridir bloklary örän oňat işledi diýip, Roskosmosda aýdýarlar.
Düýn “Luna-25” ikinji gezek Aýa uçuş traýektoriýasyny düzetdi. Bu amal bolmalysy ýaly geçirildi. Stansiýanyň hereketlendiriji ulgamy aşgabat wagty bilen 08:40-da herekete geldi we 24,3 sekunt işledi. “Luna-25”-iň ulgamlarynyň hemmesiniň kadaly işleýändigini, stansiýa bilen aragatnaşygyň durnuklydygyny aýdyp, “Roskosmos”-dakylar sözleriniň üstüni ýetirdiler.
"Luna-25" awtomat stansiýasyny 100 km beýiklikdäki Aý orbitasynda işe girizmek we 21-nji awgustda Boguslawskiý krateriniň demirgazygynda (ellipsiň merkezi koordinatlary günorta giňligiň  69,5450 gradusynda we gündogar uzaklygyň 43,5440 gradusynda) gondurmak meýilleşdirilýär.


19.11.2025 13:14
3.3k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...

16.11.2025 15:42
1k+

Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi...

15.11.2025 00:14
8.7k+

Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy

Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy...

11.11.2025 14:14
3.3k+

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy...