Chrome öňküsinden iki esse çalt täzelenip durar

  • 15.08.2023 10:24
  • 3.8k+

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin patçlaryň goýberilmegini we howpsuzlyk düzedişlerini ýygjamladar. 15-nji awgustda çykarylmagy meýilleşdirilýän Chrome 116 -dan başlap, täzelenmeler her hepde, ýagny, iki esse ýygy çykar.

Google blogynyň habaryna görä, has gysga täzeleniş sikli, gowşak goraglylygy has çalt ýapmaga, kiber jenaýatçylara garşy berk durmaga we ulanyjylary howplardan goramaga mümkinçilik berer.
Chrome-yň hepdelik täzelenmesi brauzeriň öňki gurluşynda tapylan ähli iri näsazlyklary düzetmekligi öz içine  alar diýip, kompaniýada düşündirdiler.
ZDNet neşiri Chrome-yň deslapky kody açyk bolan Chromium-e esaslanýandygyny ýatladýar. Bir tarapdan, bu täze aýratynlyklaryň ösüşini çaltlaşdyrýar, ýöne beýleki tarapdan, synag wersiýalarynda üýtgeşmeleri öwrenip, Google patch çykaryp ýetişmänkä, gowşaklygy ulanyp biljek hakerleriň işini has aňsatlaşdyrýar.
Düzedişleriň goýberilişiniň arasyny selçeňleşdirmek bilen, kompaniýa brauzerdäki "deşikleri" has çalt ýapyp biler. Şeýle-de bolsa, esasy web-tomaşaçylaryň täzelenmeleri öňküsi ýaly dört hepdeden bir gezek goýberiler.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....