Telegram messenjerine 10 ýyl doldy

  • 14.08.2023 21:56
  • 3.2k+

Häzirki wagtda dünýäde iň meşhur messenjerleriň biri bolan Telegramyň döredilenine, Pawel Durowyň habar berşi ýaly, şu gün 10 ýyl dolýar. 

«Telegram bary-ýogy on ýylda 800 milliondan gowrak işjeň ulanyjyny diňe söz üsti bilen toplady. Esli ýyllaryň dowamynda köp sanly täzelenmeler we gowulandyrmalar arkaly Telegram häzirki zamanda habarlaşmagyň nähili bolmalydygyny kesgitledi.
Telegram üçin indiki ädim habar alyşmagyň çäklerinden çykyp, umuman, sosial media täzeliklerine ýolbaşçylyk etmekdir. Biz öz meşhurlygymyzy milliardlarça adamlaryň durmuşyny gowulyga tarap üýtgetmek, planetamyzdaky adamlary ruhlandyrmak we beýgeltmek üçin ulanmalydyrys» - diýip Pawel Durow belleýär.

Şeýle hem, ol iýul aýynda diňe tölegli Telegram Premium abunasynyň eýeleri üçin peýda bolan hatlary neşir etmek mümkinçiliginiň kem-kemden ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolup ugrajakdygyny aýtdy. 

Geçen on ýyl tolgundyryjy bolanam bolsa-da, geljek 10 ýyl Telegramyň öz hakyky mümkinçiliklerini açjak döwri bolar - diýip, Pawel Durow nygtady.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...