Türkmen samboçylary GDA-nyň II oýunlarynda ýene iki sany bürünç medal aldylar

  • 14.08.2023 14:54
  • 10k+

Belarusda geçen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ahyrky gününde iki sany türkmen türgeni — Sapar Döwletow we Guwanç Begaliýew sambo boýunça bürünç medal gazandylar.

Sapar Döwletow 94 kg çenli agram derejede bürünç medal aldy. Beýleki bürünç medaly russiýaly Alekseý Zaýsew gazandy. Ikinji orunda Mongoliýadan Enebiş Battseren, birinji orunda Özbegistandan Kabuljan Ahmedow ýerleşdi.
Sambo boýunça ýene bir bürünç medaly türkmen ýygyndysyna 98 kg çenli agram derejede Guwanç Begaliýew getirdi. Beýleki bürünç medaly azerbaýjanly Rasul Aýdamirow aldy. Russiýaly Ýegor Osipow kümüş, özbegistanly Ihtiýar Ýeşmuradow altyn medal gazandy.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň umumy medal sanawynda onunjy orunda ýerleşdi. Milli ýygyndymyzyň hasabynda 18 medal boldy (3 kümüş, 15 bürünç).


02.11.2025 20:47
4.2k+

Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.  "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar...

01.11.2025 12:56
5.7k+

Türkmen parapauerliftingçileri Kairde dünýä çempionatynda 4 medal gazandylar

Türkmenistanyň parapauerlifting boýunça ýygyndy topary Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 4 medal gazandy. Şolaryň 2-si kümüş, 2-si hem bürünç medallardyr diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär...

01.11.2025 09:34
2.2k+

Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy. Bu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny 20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi...

01.11.2025 09:19
5.6k+

«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady. Duşuşyk Butanda geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk goly 29-njy minutda Zafar Babajanow kelle urgusy bilen geçirdi...