Makgregor özüniň üç tutluşygy barada habar berdi

  • 13.08.2023 23:54
  • 34k+

Iki agram derejesinde Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Konor Makgregor dekabr aýynda Maýkl Çendler bilen söweşjekdigini habar berdi.

«Maýkl Çendler bilen indiki tutluşyk dekabr aýynda geçiriler. Soňra BMF çempionlygy üçin Jastin Geýji bilen tutluşyk bolar, ondan soň Neýt Diaz bilen üçünji söweşimi bolar» diýip, Makgregor belledi.

34 ýaşly Makgregoryň soňky tutluşygy «UFC 264» ýaryşynda amerikaly Dastin Porýe garşy geçirilipdi. Tutluşyk birinji raundda tamamlandy we onuň netijesinde irlandiýaly söweşijiniň aýagy döwüldi.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Makgregoryň oktagona gaýdyp gelmeginiň alty aýdan ir bolmajakdygy habar berlipdi. Türgeniň çykyş etmegine rugsat bermekleri üçin alty aýlyk doping synagyndan geçmeli, şeýle hem iki barlag hem oňyn däl netije görkezmeli.
Makgregor «UFC-niň» ýeňil we ýarym ýeňil agram derejelerinde öňki çempionydyr.


düýn 20:02
3.3k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.8k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......