ABŞ-da Beýonseniň hormatyna baýramçylyk döredildi

  • 13.08.2023 23:51
  • 18k+

Aýdymçy Beýonseniň ýaňy-ýakynda eden gezelenç çykyşlarynyň hormatyna Amerikanyň Atlanta şäheriniň häkimiýeti 11-nji awgusty Beýonse güni diýip atlandyrmak kararyna geldi diýip, gazeta.ru UPROXX neşirine salgylanyp habar berýär.

«Tejribeli aýdymçy, aýdymlaryň awtory we prodýuser hökmünde Beýonse döredijilik çäklerini yzygiderli giňeldýär, sungatyndan peýdalanyp, tomaşaçylarda seslenme tapýan dürli hekaýalary gürrüň berýär we jemgyýetçilik özgertmelerini goldap çykyş edýär. Aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak, jyns taýdan deňligi goldamak boýunça alyp barýan işleri dünýädäki jemgyýetlere uly täsir etdi» diýip, Atlanta şäheriniň geňeşinde belläp geçdiler.

«Renaissance Tour» Beýonseniň dokuzynjy konsert saparydyr we ol 1-nji oktýabrda tamamlanar.
2023-nji ýylyň fewral aýynda Beýonse «Gremmi» baýraklarynyň sany boýunça rekordyň eýesi boldy. Aýdymçy birbada dört ugur boýunça ýeňiji boldy: «Iň gowy tans/elektron albomy» («Renaissance»), «Iň gowy R&B stilindäki aýdym» («Cuff It»), «Iň gowy tans ýazgysy» («Break My Soul») we «Iň gowy däp bolan R&B çykyş» («Plastic Off The Sofa»). Taryhdaky iň köp «Gremmi» baýragynyň – 32 sany heýkeljigiň eýesi boldy, bu rekordyň öňki eýesi, dirižýor Georg Şolti bilen deňeşdirilende bir heýkeljik köpdür.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......