Gazagystanda gadymy «piramida» tapyldy

  • 13.08.2023 16:00
  • 27k+

Gazagystanyň L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň alymlary Kyrykungir arheologik zolagynda adaty bolmadyk daşdan salnan desgany tapdylar. Hünärmenler onuň ýaşynyň 4 müň ýyldygyny belleýärler.

Kyrykungirde gazuw-agtaryş işleri 2014-nji ýylda başlandy. Ol bir inedördül kilometr meýdanda ýerleşip, bürünç eýýamynyň, sak, hun-sarmat we türki halklaryň taryhy döwürlerini özünde jemleýär. Bu ýerde 100 sany ýadygärlik hasaba alyndy.
Täze ýüze çykarylan desga ozalky tapylanlardan (gorganlardan) düýbünden tapawutlanýar. Ol her tarapy 13 metre golaý bolan 6 taraply binadyr. Şeýle häsiýetli desgalara Aziýanyň sähralyklarynda ozal duş gelinmändi. Alymlar ony özboluşly «piramida» diýip atlandyrdylar. Desganyň örän takyklyk bilen gurlandygy bellenilýär.
Daşdan diwarlaryň ýüzi dürli haýwanlaryň, esasan hem atyň şekili bilen bezelipdir. Sähralykdaky «piramidanyň» içinde alymlar köp sanly keramika önümlerini, şeýle hem altyn şaý-sepleri tapdylar. Şeýlelikde, bu desganyň dini dessurlar üçin niýetlenendigi çaklanylýar.


09.06.2025 13:51
7.1k+

Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar

Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi. "Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän...

06.06.2025 08:53
1.3k+

Gazagystan özüniň ultra-ýeňil raketasyny döretmegi meýilleşdirýär

Gazagystan ownuk hemralary orbita uçurmak üçin öz ultra-ýeňil raketa göterijisini döretmekçi bolýar. Bu barada Gazagystanyň Mejlisiniň Senatynyň agzasy Andreý Lukiniň beren beýanyna salgylanýan Informburo.kz habar berýär...

06.02.2025 10:02
1.5k+

Gazagystanda AgiBot-yň emeli aňly robotlarynyň önümçiligi ýola goýlar

Hytaýyň AgiBot kompaniýasy Gazagystanda adama meňzeş robotlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Robotlaşdyrylan ulgamlary işläp taýýarlamak we türgenleşdirmek üçin bilelikdäki kärhananyň we “maglumatlar...

26.10.2024 06:50
5.2k+

Gazagystanda gadymy amfibiýanyň - “olma aždarhanyň galyndylary” tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň paleontologlary Gazagystanda "bişara baka" - "görgüli gurbaga" diýip atlandyrylýan syrly amfibiýanyň galyndylaryny tapdylar. Barlag bu gadymy jandaryň proteid maşgalasyna...