Türkmenistan üçtaraplaýyn gaz birleşigini döretmek pikiri barada ýaýran habarlara çynlakaý ynjalyksyzlygyny bildirýär — «Türkmengaz» DK

  • 12.08.2023 15:42
  • 26k+

Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, nebitgaz ulgamynda dürli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi saýtynda habar ýaýratdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly iberilmegini, bu işleriň dowamynda gatnaşyjylaryň ählsiniň – energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýän netijeli gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen ençeme gezek çykyş etdi.
Şunuň bilen baglylykda, TDH-niň habarçysy «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewe ençeme ýyllaryň dowamynda netijeli hereket edýän iri energetika taslamalarynyň gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň geljekde kanuny bähbitlerine täsir edip biljek gaz birleşiklerini döretmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran habarlar barada öz pikirini beýan etmek haýyşy bilen ýüzlendi.
M.Arçaýew: hakykatdan-da şu ýylyň 11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa «gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini» aradan aýyrmaýar hem-de «muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini» bilýär.
Jenap Biriçewskiniň aýdanlary azyndan birnäçe sowaly ýüze çykarýar. Haýsy «giňeltmek mümkinçilikleri» barada gürrüň barýar, haýsy «beýleki döwletler» oňa gyzyklanma bildirýär we umuman gaz ulgamyndaky «üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň» aňyrsynda nämeler durýar? Rus diplomatynyň sözleri bu sowallaryň hiç birine anyk jogap bermeýär. Bu meselede bolsa doly anyklyk we aýdyňlyk zerurdyr, çünki şunda beýleki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem bähbitleri bardyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan hem-de Hytaý Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy anyk ylalaşylan möçberlerde, möhletlerde, ykdysady we tehniki görkezijilere laýyklykda ibermek boýunça uzak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýärler.
Häzirki wagtda «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň üç şahasy hereket edýär. Olar boýunça ýurdumyzyň gündogar we günorta-gündogar ýataklaryndan tebigy gaz iberilýär. Bu şahalaryň üçüsi, olaryň işini üpjün edýän önümçilik kuwwatlyklary hem türkmen we hytaý taraplary –«Türkmengaz» döwlet konserni we Hytaýyň CNPC nebitgaz kompaniýasy tarapyndan bilelikde guruldy. Häzirki günde bu turbageçiriji boýunça iň iri gaz iberijisi Türkmenistan bolup durýar. Iberilýän gazyň ylalaşylan ýylda 55 milliard kub metr möçberiniň 40 milliard kub metrini ýurdumyz iberýär, galan möçberi bolsa Özbegistan hem-de Gazagystan tarapyndan üpjün edilýär.
Turbageçirijini doldurmak üçin beýleki ýurtlardan gaz çeşmeleri göz öňünde tutulan däldir we «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek meýilleşdirilmeýär.
Türkmenistan hytaý, özbek we gazak hyzmatdaşlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär we olaryň hem ýerine ýetirjekdigine kanuny esasda bil baglaýar.
Şeýle hem bar bolan infrastrukturany ulanmak arkaly tebigy gazyň iberilmeginiň ylalaşylan we resmileşdirilen möçberleriniň hem-de ugurlarynyň islendik üýtgedilmegi ähli gatnaşyjylar bilen hökman deslapky ylalaşylmagyny talap edýär. Bu babatda Türkmenistan bilen hiç hili geňeşmeler geçirilmedi. Şeýle çemeleşme türkmen tarapy üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdir hem-de ýurdumyz tarapyndan halkara hukugynyň kadalaryna we gaz ulgamyndaky iş tejribesine laýyk gelmeýär diýlip garalýar.
Şunuň bilen baglylykda, resmi wekilleriň ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna dahylly we olary ýerine ýetirmek babatda beýleki gatnaşyjylaryň arasynda düşnüksizlige getirýän beýannamalary Türkmenistanda çynlakaý ynjalyksyzlyk döredýär.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet hökmünde, Türkmenistan, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek ýaly, möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ölçegler, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we ony hasaba almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek ýörelgeler esasynda ýola goýulmalydygyndan ugur alýar. Daşary ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durmagy bu ýörelgeleri üýtgetmek üçin sebäp bolup bilmez.


şu gün 06:25
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär...

şu gün 05:58
719

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

düýn 15:51
5.7k+

Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler...

düýn 15:26
1.2k+

Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi

3-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy...