Nike basketbolçy Kobi Braýantyň 45 ýyllygyna bagyşlanan ýörite krossowkalary çykarar

  • 12.08.2023 13:02
  • 9.8k+

Ýogalan basketbolçy Kobi Braýantyň aýaly Wanessa Braýant Nike üçin ärine bagyşlap, «Protro 8» diýlip atlandyrylýan ýörite krossowkalaryň dizaýnyny işläp düzdi diýip, gazeta.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Krossowkalar 23-nji awgustda satuwa çykarylar. Şol gün «Los-Anjeles Leýkers» basketbol toparynyň oýunçysynyň 45 ýaşy dolmalydy.
Nike Wanessa Braýantyň «Halo» aýakgap konsepsiýasyny döredendigini we ony satuwa çykarandygyny belledi. «Bu her ýyl Kobiniň doglan gününi bellemegiň bir usuly» diýip, sport brendi nygtady.
Häzirki wagtda «Nike» krossowka bazarynyň 18%-ni eýeleýär we bu ugurda öňdebaryjyly saklaýar.


09.01.2026 11:20
4.4k+

Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi

Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi...

26.10.2025 09:32
7.4k+

Nike çalt hereket etmäge kömek edýän motorly krossowka döretdi

Nike kompaniýasy hereketlendirijili aýakgap ulgamynyň prototipini hödürledi. Project Amplify atly taslama adamlara tiz hereket etmäge we az güýç bilen has uzak aralyklary geçmäge kömek etmegi maksat edinýär. Ulgam injik bilen topugyň tebigy hereketini goldamak üçin niýetlenýär...

22.08.2025 19:07
15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...

17.08.2025 23:29
4.6k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi...