Gmail mobil gurluşlarda 100-den gowrak dilden hatlary terjime edip biler

  • 11.08.2023 18:35
  • 5.1k+

Google kompaniýasy ykjam gurluşlar üçin Gmail-de terjime funksiýasynyň elýeterli boljakdygyny habar berdi. Ol iOS we Android esasly smartfonlarda we planşetlerde bar. Dünýäniň 100-den gowrak dilini goldaýar.

Programma e-poçtalary terjime etmek üçin Gmail hasabyňyzyň sazlamalarynda görkezilen ekran dilini ulanar. Poliglot bolsaňyz ýa-da ene diliňizden başga dillerde ýazylan e-poçtalara garaşmasaňyz, sazlamalar menýusynda belli bir dil üçin Gmail terjimesini öçürip bilersiňiz.
Telefonyňyzdaky Gmail programmasy alan e-poçtaňyzyň Gmail sazlamalarynda saýlan diliňizden başga dildedigini awtomatiki kesgitlär. Ulanyjy terjimäni teklip edýän banneri görer. Gmail terjime etmegiň zerurlygyny awtomatiki tapmasa, ulanyjy elmydama esasy menýu arkaly e-poçtalary el bilen terjime edip biler.
Google Gmail-iň terjime funksiýasyny Android-e çykaryp başlady. 15 güne çenli wagtyň içinde ulanyjylaryň ählisini doly özüne çeker. IOS üçin 2023-nji ýylyň 21-nji awgustynda ýaýrap başlar. Täzelik Google Workspace-iň müşderileri we şahsy Google hasaplary bolan ulanyjylar üçin elýeterlidir.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....