OnePlus-yň täze smartfony 17 minutda 100% zarýad alyp biler

  • 11.08.2023 18:29
  • 8.9k+

OnePlus kompaniýasy 16-njy awgustda Hytaýda özüniň täze OnePlus Ace 2 Pro smartfonyny hödürlär. Bu täzeligiň esasy aýratynlyklarynyň biri 150 Wt kuwwatly ultratizlikli zarýad beriji SuperVOOC S bolar. Onuň kömegi bilen enjamyň 5000 mAs sygymly akkumulýatory bary-ýogy 17 minutda doly zarýad alyp biler diýip, ferra.ru habar berýär.

SuperVOOC S tehnologiýasy gönüden-göni OnePlus-da işlenip düzüldi we batareýa mümkin boldugyndan seresaply çemeleşer ýaly ýagdaýda döredildi.
Kompaniýa onuň kömegi bilen akkumulýatoryň hyzmat ediş möhletiniň 4 ýyl boljakdygyny nygtaýar (ýagny, 4 ýyl ulanylyşdan soň batareýa ilkibaşdaky sygymynyň azyndan 80%-ini saklar).
Mundan başga-da, OnePlus Ace 2 Pro kompaniýanyň UFCS (Universal Fast Charging Specification) protokolyny goldaýan ilkinji smartfony bolar. Ol Oppo, Vivo, Xiaomi we Huawei ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň çalt zarýad beriş çözgütleriniň arasynda gabat gelijiligi üpjün etmek maksady bilen işlenip düzüldi.

şu gün 10:51
634

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......