Türkmenistanly türgen erkin göreş boýunça GDA oýunlarynyň bürünç medalyny aldy

  • 10.08.2023 14:37
  • 18k+

Erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Zyýamuhammet Saparow Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň bürünç medalyny aldy.

Türgen 125 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Üçünji orun üçin tutluşykda Z.Saparow azerbaýjanly göreşiji Aslan Abakarowdan üstün çykdy diýip, Türkmenistanyň göreş federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Beýleki bürünç medaly gazagystanly Omarhan Nadirow eýeledi. Bu agram derejede altyn medaly Russiýadan Alen Hubulow belarusly Alekseý Parhomenkodan üstün çykyp gazandy.
Belläp geçsek, şu ýylyň iýunynda Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda Zyýamuhammet Saparow altyn medal gazandy.
Bu netije bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň umumy medal sanawynda ýedinji orunda ýerleşdi. Türkmen türgenlerinde 9 medal bar (üç kümüş we alty bürünç medal).


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....