Türkmen dzýudoçylary GDA-nyň II oýunlarynda iki sany bürünç medal gazandylar

  • 07.08.2023 17:07
  • 11k+

Türkmen dzýudoçylary Belarusda 4-nji awgustda badalga alan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda iki sany bürünç medal eýelediler.

Behruz Bahridinow ýetginjekleriň arasynda 50 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Türkmen türgeni ýaryşyň ähli tapgyrlaryny üstünlikli geçip, ýarym finalda çykyşyny tamamlady.
Beýleki bürünç medaly russiýaly Islam Bokow eýeledi. Ikinji ýeri hem onuň watandaşy Iwan Ýurtaýew aldy. Bu ugurda altyn medaly azerbaýjanly Nihad Mamişow eýeledi.


Ýene-de bir bürünç medaly 40 kg çenli agram derejesinde türkmenistanly Dilara Kandymowa gazandy. Bu agram derejede beýleki bürünç medaly azerbaýjanly Hadija Abdullaýewa aldy. Özbegistanly Umida Kuldoşewa — kümüş, russiýaly Sofiýa Belaş — altyn medal aldy.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....