Türkmenistanly türgen Aly Babamyradow GDA-nyň II oýunlarynda kümüş medal aldy

  • 07.08.2023 16:57
  • 11k+

Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen milli ýygyndysynyň medal sanawyna ikinji kümüş medaly agyr atletikaçy Aly Babamyratow getirdi.

Iki görnüşiň jemi boýunça 215 kilogram (95+120) agyrlygy götermegiň hötdesinden gelen türgen ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Şu agram derejesindäki ýaryşda 240 kilogram (110+130) netije görkezen özbek türgeni ýeňiş gazandy. Bürünç medala bolsa 194 kilogram (88+106) agyrlygy galdyran belarusly agyr atletikaçy Grigoriý Wertinskiý eýe çykdy.


19.05.2026 16:26
6.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.1k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.8k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......