Ýulduz Jumabaýewa GDA döwletleriniň II oýunlarynda Türkmenistan üçin taryhy medal gazandy

  • 07.08.2023 16:51
  • 34k+

Agyr atletika boýunça türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa Belarus Respublikasynda badalga alan GDA-nyň oýunlarynda kümüş medala eýe bolup, bu oýunlarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly türgen boldy.

Türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa 49 kilogram agramda çykyş edip, kümüş medalyň eýesi boldy. 2018-nji ýylda dünýä çempionynyň çempiony we ýaşlar arasynda Aziýa çempionatynyň ýeňijisi Ýulduz Jumabaýewa görkezen 161 kg (71+90) netijesi bilen Russiýanyň türgeni Ýelizaweta Žatkinden soňra ikinji orunda galdy.
Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşa 110 türgenden ybarat wekiliýet bilen gatnaşyp, sportuň 13 görnüşi, ýagny – boks, taý boksy, karate, dzýudo, sambo, grek-rim göreşi, erkin göreş, ýeňil we agyr atletika, basketbol 3х3 (erkekler), ýaýda ok atmak ýaly ugurlarda medally orunlar üçin bäsleşýärler.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......