Bloger boks söweşinde UFC-niň öňki çempionyny ýeňdi

  • 06.08.2023 18:54
  • 23k+

Bloger Jeýk Pol boks söweşinde UFC-niň eks-çempiony Neýt Diasy ýeňdi. Söweş Dallasda geçirildi. Pol emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Diasdan üstün çykdy. Dias üçin bu professional boks ringinde ilkinji söweş boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Pol Vine sosial ulgamynda bloger hökmünde belli bolup, 5 million abunaçy ýygnapdy. Häzir YouTube-da onuň 20 milliondan gowrak abunaçysy bar. 2016-njy ýylda ol aktýorlyk karýerasyna başlady, Disney-iň “Bizzardvark” teleserialy ýaly birnäçe taslamalarda surata düşdi.
Pol professional boksda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabr aýynda çykyş etdi. 26 ýaşly amerikalynyň hasabynda indi ýedi ýeňiş we bir ýeňliş bar.
Dias UFC-de 15 ýyl çykyş etdi, ýeňil agramda titula dalaşgär boldy, promouşeniň eks-çempionlary Konor Makgregordan we Entoni Pettisden üstün çykdy.
38 ýaşly Diasyň hasabynda MMA-da 21 ýeňiş we 13 ýeňliş bar. Ol UFC-de soňky söweşini 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirdi we Toni Fergýusony ýeňdi. Şol söweşden soň ol UFC-den gidýändigini habar berdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......