Apple III maliýe çärýeginde arassa girdejisini çaklamadan gowy azaltdy

  • 06.08.2023 18:55
  • 8k+

Apple Inc. 2023-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini bazar çaklamasyndan gowşak azaltdy, şol bir wagtyň özünde girdeji çaklama bilen gabat geldi diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň hasabatyna görä, 1-nji iýulda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça arassa girdeji geçen ýylyň degişli çärýegindäki 19,442 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,2 dollar bilen deňeşdirilende, 19,881 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,26 dollar boldy. Girdeji bir ýyl ozalky 82,959 mlrd dollara garşy 81,797 mlrd dollara çenli azaldy.
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň düşewündini 81,8 mlrd dollar girdejide ortaça paý üçin 1,2 dollar derejesinde çaklapdylar.
Geçen çärýek iPhone satuwyndan girdeji geçen ýylky 40,665 mlrd dollardan 39,669 mlrd dollara çenli azaldy. Mac kompýuterleriniň satuwyndan gazanylan girdeji 7,382 mlrd dollardan 6,84 mlrd dollara, iPad planşetlerinden – 7,224 mlrd dollardan 5,791 mlrd dollara çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde, dakylýan gurluşlardan, aksessuarlardan we öý üçin gurluşlardan gelen girdeji 8,084 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 8,284 mlrd dollara çenli ýokarlandy.

App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud ýaly hyzmatlaryň girdejisi bir ýyl ozalky 19,604 mlrd dollardan 21,213 mlrd dollara ýetdi.
Apple paýnamalarynyň bahasy penşenbe güni söwdada 2,1% peseldi.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....