IT-milliarderi Jek Ma tehnologiýalar pudagyndan oba hojalyk pudagyna geçýär

  • 03.08.2023 14:17
  • 11k+

«Alibaba Group» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan 58 ýaşly hytaýly milliarder Jek Ma oba hojalyk tehnologiýalary bilen meşgullanýan täze kompaniýa maýa goýdy.

Balykçylyga we oba hojalygyna ýöriteleşen täze kompaniýa «1.8 Meters Marine Technology» diýlip atlandyrylýar we ol 20-nji iýulda Manyň dogduk Hançžou şäherinde hasaba alyndy. «South China Morning Post» neşiriniň habar bermegine görä, Jek Manyň maýa goýum holding kompaniýalarynyň biri bolan «Hangzhou Dajingtou No. 22 Arts and Culture Co.» täze döredilen kompaniýanyň aksiýalarynyň 10%-ne eýelik edýär. Žurnalistler milliarderiň bu çözgüdiniň onuň Hytaýyň tehnologiýalar pudagyndan ýuwaş-ýuwaş aýrylýandygynyň subutnamasy diýip belleýärler.
Bellenilişine görä, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Ma Ispaniýada oba hojalygyny we daşky gurşaw bilen baglanyşykly tehnologiýalary öwrenipdir. Şeýle hem ol Niderlandlarda, Ýaponiýada we Taýlandda bolup, oba hojalyk tehnologiýalaryny öwrenipdir. Şu ýylyň maý aýyndan bolsa Jek Ma Tokio uniwersitetine oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk harytlarynyň önümçiligi mowzuklary boýunça sapak bermek üçin çagyrylan professor hökmünde işe başlady.


12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......