Antarktidada garpyz ösdürilip ýetişdirildi

  • 02.08.2023 11:14
  • 25k+

Russiýanyň Antraktidadaky «Wostok» stansiýasynyň alymlary bu ýerde garpyz ösdürip ýetişdirdiler – iki sany tohumdan jemi 8 sany bişen garpyz alyndy. Olaryň ýeten iň uly agramy 1 kg, diametri bolsa 13 sm diýip, «mail.ru» «Wostok» stansiýasyndaky Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň baş geofizigi Andreý Teplýakowyň beren maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Bellenilmegine görä, alymlar tozanlandyrmagyň emeli usulyndan peýdalanypdyrlar. Emeli tozanlandyrmagyň döredýän kynçylygy diňe bir mör-möjekleriň hereketlerini emeli ýerine ýetirmekde däl-de, eýsem, garpyzyň gülleýän wagtyny kesgitlemekde hem ýüze çykýar. Garpyzyň güli bary-ýogy iki günlük açylýar, şunda erkek jynsly we aýal jynsly gülleriň deň açylmagy gerek. Şeýle hem tozanlandyrma diňe bir tohumyň çäklerinde geçirilmeli.
Apreliň ahyrynda ösümlikleriň ösmegi üçin amatsyz şertlerde – pes atmosfera basyşynda hem-de kislorod ýetmezçiliginde uýgunlaşmagyň usullaryny we bu ýagdaýlaryň tagamyna täsirini synag etmek üçin garpyzyň iki sany çalt ösýän tohumy ekildi. Garpyzlaryň ösmegi üçin ýörite toplum döredilip, zerur şertler, ýagny topragyň ornuny tutujy, iýmitlendiriji dökünler, yşyklandyryş bilen üpjün edildi. Maýyň aýagynda tozanlandyrma işi geçirilip, iýul aýynda ilkinji hasyl alyndy.


19.11.2025 13:14
3.3k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...

16.11.2025 15:42
1k+

Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi...

15.11.2025 00:14
8.7k+

Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy

Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy...

11.11.2025 14:14
3.3k+

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy...