Russiýanyň ilçihanasy talyp wizalarynyň resmileşdirilişini tizleşdirdi

  • 02.08.2023 09:36
  • 17k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyp wizalaryny tizleşdirilen tertipde resmileşdirmek hakynda karar kabul edendigini habar berdi. Munuň üçin Konsullyk bölümi awgust aýynyň ahyryna çenli her hepdäniň şenbe güni rus ýokary okuw mekdeplerine kabul edilen dalaşgärleri goşmaça kabul etmekligi amala aşyrar.

Ýokary okuw mekdebiniň maslahaty bilen gönüden-göni Türkmenistanyň çäginden çykyp, eýýäm talyp kampusyna barmaly dalaşgärler esasy resminamasynyň ýany bilen awiabileti görkezip bilerler. Bu bukjalar ilkinji nobatda resmileşdiriler.
Sanawa girmek üçin kvota.otdel_tm@gmail.ru elektron salgysy boýunça Russiýa öýüne arza bermek gerek.
Wizany resmileşdirmek üçin hökmany surat adyňyzy, familiýaňyzy, ataňyzyň adyny, doglan senäňi, telefon belgiňi, elektron poçtaňy we Içeri işler ministrliginiň ýa-da RF-niň Daşary işler ministrliginiň çakylygynyň belgisini görkezmeli.
Russiýa öýünde bellenilişi ýaly, resmileşdirmek üçin şeýle hem anketany çap edilen görnüşde hem doldurmak zerur. Mundan başga-da, bellenilişi ýaly, tizleşdirilen tertibe geçmeklik wagtlaýyn hem ýagdaýlaýyn häsiýete eýe. 


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......