Türkmenistandan 110 adamdan ybarat wekiliýet GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna ugraýar

  • 01.08.2023 18:43
  • 11k+

110 adamdan ybarat Türkmenistanyň sport wekiliýeti 4-14-nji awgustda Belarusda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň II Oýunlaryna gatnaşmak üçin ugrar.

Türkmenistandan 80 türgen sportuň 13 görnüşinde wekilçilik eder. Olaryň arasynda boks, taý boksy, karate, dzýudo, sambo, grek-rim söweşi, erkin göreş, ýeňil atletika, basketbol 3x3 (erkekler), ýaýdan ok atmak bar.
Ýaryşlara umumylykda 6 müňden gowrak adamyň, şol sanda 4 müňden gowrak türgeniň, 900 sany tälimçileriň we 800 sany eminleriň gatnaşmagyna garaşylýar. GDA döwletleriniň sport forumy Belarusuň 11 şäherinde geçirilýär.


22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....