Serdar Berdimuhamedow birnäçe halkara resminamalary tassyklady

  • 01.08.2023 09:35
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe halkara resminamalary tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalar tassyklanyldy:

  • 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk;
  • 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäherinde gol çekilen Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......