Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek senesi belli boldy

  • 01.08.2023 01:23
  • 12k+

2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen bilelikde Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.
Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....