1-nji awgustda Russiýada daşary ýurt raýatlary üçin bir bitewi elektron wiza işläp başlar

  • 30.07.2023 09:58
  • 37k+

Daşary ýurt raýatlary üçin bir bitewi elektron wiza Russiýada 1-nji awgustda sagat 12:00-da (Aşg wagt) işläp başlar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda çap edilen habarda aýdylýar.

Habarda bellenip geçilişi ýaly, wizany elektronic-visa.kdmid.ru web sahypasynda resmileşdirip bolar. Resurs eýýäm hyzmatyň işläp başlajak wagtyna çenli galan sekundlary sanap başlady. Resursyň baş sahypasynda: "Bir bitewi elektron wiza 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda Moskwa wagty bilen sagat 10:00-da işläp başlar" diýilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady Ösüş ministrliginde bellenip geçilişi ýaly, wiza bermeklik ýüz tutulan seneden başlap alty senenama gününiň dowamynda amala aşyrylar. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň müdiri Alekseý Klimow daşary ýurtlular üçin giriş rugsadynyň bahasynyň 52 dollardan geçmejekdigini habar berdi.


20.04.2026 20:30
4.1k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.6k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...