BSGG: dünýä ýurtlarynyň ýarysynda COVID-19 hadysasynyň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady

  • 29.07.2023 11:34
  • 21k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýurtlaryň ýarysynda diýen ýaly 2023-nji ýylyň 26-njy iýunyndan 23-nji iýuly aralygynda COVID-19 keseliniň ýokdugyny habar berdi. Bu barada guramanyň hepdelik epidemiologiki hasabatynda habar berilýär.

BSGG-nyň hasabatynda: "28 günüň dowamynda ýurtlaryň we sebitleriň 52% -i (234-den 122-si) azyndan bir hadysanyň bardygyny habar berdi - bu görkeziji 2022-nji ýylyň ortalaryndan bäri azalýar". Dünýäniň köp sebitinde kesel we ölüm azalýar, emma Ýuwaş ummanynyň Günbatar ýurtlarynda bu ýagdaý tersine.
Guramanyň habaryna görä, bir aýyň dowamynda bu kesel 868 müň adamda ýüze çykaryldy, 3,7 müň adam ýogaldy. Kesellänleriň iň köp ýeri Günorta Koreýada (593 müň), Braziliýada (48,5 müň), Awstraliýada (35,8 müň), Singapurda (30,2 müň) we Täze Zelandiýada (20,3 müň) hasaba alyndy.
Guramanyň habaryna görä, tutuş dünýäde kesellänleriň sany 768 million we ýogalanlaryň sany 6,9 milliondan gowrak diýip hasaba alyndy.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......