Ýüzüji Kolesnikow 50 m aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 29.07.2023 11:30
  • 10k+

Kliment Kolesnikow suwda ýüzmek boýunça Russiýanyň kubogynyň finalynyň ýarym final ýüzüşinde 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Ýaryş Kazanda geçirilýär. Bu barada TASS habar berýär.

Kolesnikow 23,55 sekunt netijäni görkezdi. Öňki dünýä rekordy (23,71) amerikaly Hanter Armstronga degişli bolup, 2022-nji ýylda goýlupdy.
Kolesnikow 23 ýaşynda, ol 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy we 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Oýunlaryň bürünç baýrakçysydyr. Kolesnikow gysga suwda ýüzmek boýunça alty gezek dünýä çempiony, alty gezek Ýewropa çempiony, 2019-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň üç gezek baýrakçysydyr.
Suwda ýüzmek boýunça Russiýanyň kubogynyň finaly 30-njy iýulda tamamlanar. 


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......