Apple 2023-nji ýylda iPhone üpjünçiligini geçen ýylky derejesinde saklamagy göz öňünde tutýar

  • 27.07.2023 15:21
  • 10k+

Apple Inc. dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara we dünýäniň smartfon bazarynyň pese gaçyşyna garamazdan, üpjün edijilerinden 85 mln töweregi, takmynan, 2022-nji ýyldaky ýaly derejede iPhone 15 smartfonyny taýýarlamagy soraýar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

Şeýle-de, Apple 2023-nji ýylda girdejini artdyrmagy we Pro hatarynyň premial smartfonlarynyň bahalaryny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Apple dünýäniň iň gymmat kompaniýasydyr we onuň görkezijileri millionlarça işgärleriň işleýän müňlerçe üpjün ediji kompaniýalaryna täsirini ýetirýär. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri bir ýarym esse ýokarlandy, onuň kapitallaşdyrmasy bolsa 3 trln dollardan geçýär.
2023-nji ýylda kompaniýa wideosensor bilen baglanyşykly näsazlyk sebäpli has arzan modelleriň satuwy baradaky çaklamasyny, takmynan, 2 mln birlik azaltdy, ýöne Pro modelleriniň önümçiligi üçin sargytlary köpeltdi diýip, agentligiň çeşmeleri habar berýär.
Counterpoint Research-yň maglumatlaryna görä, smartfonlaryň global satuwy eýýäm yzygider sekizinji çärýek, şol sanda aprel-iýun aýlarynda 8% azaldy. Hytaýyň Xiaomi we Vivo brendleriniň satuwy geçen çärýek 10%-den gowrak pese gaçdy, Apple bolsa 2% pese gaçyşy hasaba aldy, şol bir wagtyň özünde onuň dünýä bazaryndaky paýy gymmat gurluşlara bolan islegiň ýokary bolmagy sebäpli pul aňlatmasynda 17%-e çenli artdy.


19.05.2026 09:37
4.3k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....