Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň dizaýny görkezildi

  • 26.07.2023 21:35
  • 9.9k+

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti oýunlar açylmazdan ozal Olimpiýa alawy estafetasynyň çäklerinde ulanyljak alawyň dizaýnyny mälim etdi. Sişenbe güni ýaýradylan habara görä, bu işiň wizual çözgüdinde "deňlik, suw we parahatçylyk" mazmunlary agdyklyk edýär.

Geljekki oýunlaryň nyşanlaryndan birini döretmekde guramaçylar dizaýner Matýe Leannere ýüz tutdular. Ýokary senagat döredijilik mekdebiniň uçurymy "tehnologiýanyň, sungatyň we dizaýnyň bilelikde ýaşamagyny üpjün etmek" işine köp ugurly çemeleşýär. "Eserlerinde tebigata, ylma, taryhy we tehnologiýa bil baglaýar" – diýip beýanatda nygtalýar.
Alawyň uzynlygy 70 sm, ýokarky we aşaky böleginiň minimal diametri 3,5 sm, ortasynda aňrybaş diametri 10 sm. Bu dizaýnyň agramy 1,5 kg. Jemi 2000 nusga taýýarlanylar, "bu öňki oýunlaryňka garanyňda bäş esse az". Bildirişde bellenip geçilişi ýaly, alawlaryň öndürilişini azaltmak daşky gurşawa täsirini azaldar.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli dowam eder.


düýn 10:38
2.9k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....