Google Android-iň meşhur nusgasyny goldamagyny bes etdi

  • 26.07.2023 12:09
  • 7.8k+

Google korporasiýasy «KitKat» ady bilen hem meşhur bolan «Android 4.4» operasion ulgamyny goldamagyny dolulygyna bes edýändigini yglan etdi.

«Android KitKat» ulagmynyň API interfeýsi awgust aýyndan goldanylmagyny gutarnykly bes eder. Şeýle hem «Android 4.4» ulgamynda «Google» hyzmatlarynyň işlemejekdigi bellenilýär.
Munuň sebäbi ozal meşhur bolan operasion ulgamyny ulanyjylaryň 2023-nji ýylda örän az bolmagydyr. Hasaplamalara görä, 4.4 nusgasy «Android» operasion ulgamynda işleýän ähli enjamlaryň diňe 1 göteriminde elýeterlidir.
«Android 4.4 KitKat» 2013-nji ýylda çykarylypdy. Ol öz döwründe iň meşhur operasion ulgamy bolupdy. Ol giňeldilen NFC ulgamyna eýedir we köpugurly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Onuň iň soňky nusgasy 2014-nji ýylda çykypdy.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....