Samsung kompaniýasy 130 million wonlyk täze telewizor çykardy

  • 25.07.2023 13:35
  • 14k+

«Samsung» Koreýada «MicroLED» matrisaly 89 dýuýmlyk telewizorynyň satuwa çykaryljakdygyny yglan etdi diýip, «gazeta.ru» «ITHome» portalyna salgylanyp habar berýär.

«MNA89MS1BACXKR» telewizory innowasion «MicroLED» tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Onuň ekrany 20 milliondan gowrak mikroyşykly diodlardan ybaratdyr hem-de «HDR10» we «HDR10+» durulygynda görkezmäge, şeýle hem 2000 кд/м2 derejesinde ýokary ýagtylyga eýedir.
Täze telewizor «Micro AI» prosessorynyň binýadynda işleýär. Şeýle hem onda 100 Wt kuwwatlylygy bolan 6.2.2 kanally ses ulgamy, sesiň we şekiliň sazlaşdyrylmagy üçin «OTS Pro» tehnologiýasy, sesi özbaşdak dolandyrmak üçin «AVA» tehnologiýasy ornaşdyrylandyr.
«Samsung Electronics Korea» kompaniýasynyň wise-prezidenti Tehwan Hwan «MicroLED» gurluşly telewizorlarynyň gerimini 76, 101 we 114 dýuýmlyk nusgalar bilen giňeltmegi maksat edinýändiklerini belledi. Olaryň aýratynlyklary we çykjak seneleri heniz mälim edilmedi.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......